Bilet howsalasy

Uçuş agentlikleriň işgärleriniň arasyndaky dörän parahorlygyň sebäbinden ýurtda emeli bilet ýetmezligi peýda bolýar. Netijede ýüzlerçe ýolagçy bilet almak üçin ýa para bermeli bolýarlar, ýada uzyn gijeleri bilet kasalarynda nobatda geçirmäge mejbur bolýar

Bilet howsalasy

Uçuş agentlikleriň işgärleriniň arasyndaky dörän parahorlygyň sebäbinden ýurtda emeli bilet ýetmezligi peýda bolýar. Netijede ýüzlerçe ýolagçy bilet almak üçin ýa para bermeli bolýarlar, ýada uzyn gijeleri bilet kasalarynda nobatda geçirmäge mejbur bolýar

Tuesday, 7 November, 2006
IWPR

IWPR

Institute for War & Peace Reporting

Başga şäherlerdeki ýaly, ýurdyň paýtagty Aşgabatda bilet satyş kasalar ertirden gabawa alynaň gala meňzeýärler. Ýerli reýslere biletleri ýarym aý öňden satýarlar. Meselem, Daşoguza (demirgazyk welaýatyň merkezine), hem-de Türkmenabada (gündogar Lebap welaýatyň merkezi şäherine) uçarlar her gün 5 reýs edýärler. Bilet almak üçin adamlar gije sagat birden uçuş kasalara nobada durmana mejbur bolýarlar.



Emma bu ýagdaýda hem bilet alyp biljegiň kepillenmeýär. Uçuş kasalaryň açylyşyndan iki sagat soň bilet satyjy işgärleri bilet gutarany barada habar berýärler. Şeýlelikde, gije dowamynda nobatda duran adamlar iki sagadyň içinde nähili 600 bilet satylyp bolýar diýip giň galýarlar, çünki her reýs 120 adama hasaplanan.



Andreý Danilowyň aýdyşyna görä ol bilet nobada ýüz elli bäşinji bolup ýazylypdyr. Emma oňa öňünden biledy alyp bilmejegini, diňe nobat spisogynda biriji duranlar alyp biljegini duýdurypdyrlar. Netijede, Danilow biledyny alyp bilmek üçin 4 gün aeroportda geçirmeli bolypdyr.



Şeýlede, kasa nobatynda duran raýatlaryň arasynda çalt-çalt çaknyşyklar hem döreýärler. Bunuň ýaly çaknyşyklara ulag politsiýasy hem goşulmaly bolýar. Adamlaryň pasportlary alynyp aktlar düzülýär, käbir adamlara tertibi bozanlary üçin jerime salynýar.



Emma maddy ýadagyý bar adamlar biledy nobatsyz satyn almagyň ýollaryny bilýärler. Aşgabatda ýerleşýän bir halkara guramasynyň işgäri Irina Edotova, Uruş ve Parahatçylyk maglumatlary Institutynyň habarçysyna işgäriniň uçuş kasalarda tanyşynyň bolandygyny gurruň beripdir. Şol tanyşy arkaly islendik wagt bilet satyn alyp bolýar myşyn, ýöne pasportyň içine üstünden töleýän puly goýmaly diýip Irina Edotova aýdypdyr.



Iň köp gidilýän ýer Moskwa çenli bilety satyn almak uçun bahasynyň üstüne 100 amerikan dollar goşmaly bolýar.



Bu ýagdaýy ýolagçylaryň köpdigine garamazdan, Almaty bilen Kiýewe uçýan reýslar ýatyrylany kynlasdyrýar. Bu şäherlere Moskwanyň üsti bilen uçmaly bolýar. Aşgabatdan Moskwa çenli otlylar hem gatnamaýarlar. Şonuň üçin hem Moskwa satylýan biletleriň üstünde bunuň ýaly howsala döreýär.



Uçuş kasalaryň nebisjeň işgärleri biletler köp talap edilen ýagdaýy bilen gowy peýdalanýarlar. Ylaýta-da Aşgabat bilen şäher ara biletleri köp talap edilýarler, cünki işsizlik derejesi ösen soň köp adam paýtagta iş tapmak umydy bilen gelýar.



Tomus aýlary Türkmenbaşa, oňki Krasnovodsk şäherine, deňiziň kenarynda dynç almaga barýan ýolagçylaryň sany artýar. Şeýlelikde, dynç almak üçin edilen çykdajylaryň üstüne, bilet satyn almak üçin berilýän paranyň möçberi hem goşulýar. Uçara bilet satyn almaga gurpy çatmadyklar bolsa, 45 gradus yssy howada otly bilen, ýa da öz hususy ulagy bilen 8 sagadyň dowamynda syýahat etmeli bolýarlar.



Bu ýagadaýa nagile bolan adamlar, aviakassalaryň başlyklaryna ýüz tutup, döran ýagadaýy gowylaşdyrmagy talap edipdirler. Emma muňa garamazdan, biletleri satyn almak babatdaky kynçylyklar dowam edip gelýar diýip uruş ve Parahatçylyk maglumatlary Institutynyň maglumatynda aýdylýar.



Türkmenistanyň häkimiýetleriniň bu ýagdaýdan habarlary bar. Emma nämüçindir bu ýagadyý düzetmek ugurynda hiç bir zat edilmeýär.



Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists